Täzelikler

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany ýyly

by Mtohom Admin -

2026-njy ýyl "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany" şygary bilen orta hünär okuw mekdebimizde maslahat geçirildi.


Attachment photo_2_2026-01-14_09-52-03.jpg

Mekdebimizde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyk çärä bagyşlanyp geçirilen wagyz-nesihat ýygnagy

by Mtohom Admin -

Mekdebimizde “Ýol hereketiniň howpsuzlygy ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlyk çärä bagyşlanyp geçirilen wagyz-nesihat ýygnagy



Attachment 2Link160925.jpeg

2025-2026-njy okuw ýylynda Aşgabat şäheriniň mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäresi

by Mtohom Admin -

2025-2026-njy okuw ýylynda Aşgabat şäheriniň mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çäresi







Attachment photo_4.jpg

Orta hünär okuw mekdebimize Dalaşgärleriň dykgatyna!!!

by Mtohom Admin -

                                    


1. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.
2. Dokma önümçiligi.
3. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
4. Marketing.
5. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
6. Maglumatlary işläp taýýarlamagyň
we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan
ulgamlary.
7. Dokma materiallarynyň himiki tehnologiýasy we abzallary.
8. Standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak.
9. Dokma we ýeňil senagatyň abzallaryna tehniki taýdan hyzmat etmek we
bejermek.
10. Dizaýn (dokma senagaty pudagynda)


 Аşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebine umumy
orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi
bolan, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri
boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti — 2 ýyl.
Аşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Giňişleýin maglumat üçin ýükläp alyp bilersiňiz!

https://portal.mtohom.edu.tm/set/MTOHOMgiris.pdf


Aşgabat şeherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuwynda Döwlet muzeýiniň gyrnamaganynda göçme sergi geçirildi

by Mtohom Admin -
Aşgabat şeherindäki  mehanika-tehnologiki orta hünär okuwynda Döwlet muzeýiniň gyrnamaganynda göçme sergi geçirildi



15.05.2025 senede Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde “Açyk gapylar” güni geçirildi

by Mtohom Admin -

         15.05.2025 senede Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde “Açyk gapylar” güni geçirildi.


                 

“Türkmenistan- ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XVI Spartakiada-da Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi 3-nji orna mynasyp boldy

by Mtohom Admin -

“Türkmenistan- ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly XVI  Spartakiada-da Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebi 3-nji orna mynasyp boldy.









Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň administrasiýasy, mekdebiň jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýygnagynyň beýany

by Mtohom Admin -

Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirmek, ýaş nesliň ýaramaz endikleri ýazgarýan, ruhy we beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ösdürmek we wagyz etmek ugrunda buýsandyryjy işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketlerine işjeň gatnaşýan, milli bilim-ylym, medeniýet we sungat ugurlarynda öz mynasyp orunlaryny eýeleýän, sagdyn düşünjeli, beýik maksatly ýaşlar kemala geldi. Türkmen jemgyýeti sagdynlygyň, ruhubelentligiň we ýaramaz endikleriň, temmäki önümleriniň berk ýazgarylýan jemgyýetine öwrüldi. Belläp geçsek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan yglan edilen Temmäkä garşy bütindünýä göreş güni her ýylyň 31-nji maýynda giňden bellenip geçilýär. Bu tutuş adamzat durmuşynyň we saglygynyň bähbidine gönükdirilen halkara çäresine ata Watanymyz Türkmenistan hemmetaraplaýyn işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanda 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda temmäkä garşy göreşmek boýunça pudagara utgaşdyryjy komitet döredildi. Şeýle hem temmäkä garşy göreşmek boýunça «Ynam» merkezleriniň hereket edýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu merkezlerde temmäki önümleriniň zyýany we olardan daşda durmagyň ýollary barada düşündirişlerdir maslahatlar berilýär. Temmäki önümlerinden ýüz öwürmek we olaryň garşysyna göreşmek her bir adamyň durmuşyny özgertmäge, saglygyny dikeltmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmaga atarýan aýdyň ýoldur. Ýurdumyzda temmäki önümlerine garşy göreş çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda alnyp barylýan işler hem guwandyryjy netijelere beslenýär. Türkmenistanyň “Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda“ Kanuny kabul edildi. Kanun döwlet ähmiýetli, halk bähbitli bolup, onda adamlaryň saglygy, ömrüniň howpsuzlygy göz öňünde tutulan. Ýörite kanunlar esasynda çilimkeşlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreş yglan etmek we olary düýbi bilen ýok etmek, neşe serişdelerini aradan aýyrmak maksady bilen ýurdumyzda düýpli işler amala aşyrylyp, ata Watanymyz Ýer ýüzünde olardan arassalan döwlet hökmünde göreldedir. Türkmenistan temmäki tüssesinden azat döwlet hökmünde BSGG-niň ýörite güwänamalaryna hem mynasyp boldy. Çykyş edenler halkyň saglygy hakynda gije-gündiz alada edýän, ýaş nesliň berk bedenli sagdyn bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.


Attachment ICM.jpg

Hormatly Prezidentimiziň “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

by Mtohom Admin -

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp şeýlede Bitaraplyk baýramy mynasybetli "Berkarar döwlet islärin" atly baýramçylyk çäresi

by Mtohom Admin -
Older topics...


Available courses