TÜRKMENISTANYŇ DOKMA SENAGATY MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI MEHANIKA-TEHNOLOGIKI ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

TÜRKMENISTANYŇ DOKMA SENAGATY MINISTRLIGINIŇ AŞGABAT ŞÄHERINDÄKI MEHANIKA-TEHNOLOGIKI ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI

by Mtohom Admin -
Number of replies: 0

2024/2025-nji okuw ýyly üçin hünär-tehniki bilim berýän aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:


1.     Tikinçi-biçimçi  - okuwyň möhleti 1 ýyl.

2.     Tikin maşynlaryny we enjamlaryny abatlaýjy ussa - okuwyň möhleti 1 ýyl.

3.     Dokma senagatynyň enjamlaryny gurnaýjy slesar - okuwyň möhleti 1 ýyl.

4.     Dokma önümçiliginiň kömekçi ussasy- okuwyň möhleti 1 ýyl.

5.     Dokma önümçiliginiň hil gözegçisi - okuwyň möhleti 1 ýyl.

6.     Barlag-ölçeg enjamlary we awtomatika boýunça slesar - okuwyň möhleti 1 ýyl.

7.     Elektromontýor - okuwyň möhleti 1 ýyl.

8.     Konstruktor-modelýer kompýuter grafikasyny öwrenmek bilen - okuwyň möhleti 1 ýyl 6 aý.

9.     Himiýa önümçiliginiň tehnology - okuwyň möhleti 1 ýyl 6 aý.

10. Buhgalterçilik işi  - okuwyň möhleti 1 ýyl 6 aý.

Аşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça kabul edilýär.

Okuwyň möhleti hünärleriň çylşyrymlylygyna görä degişlilikde 1 ýyl ýa-da 1 ýyl 6 aý hem-de tölegli.

Resmi iş kagyzlary Аşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde  2024-nji ýylyň 1-nji iýulyndan  25-nji awgusty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; 

- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

- umumy orta bilim baradaky resminamanyň asyl nusgasy;

- bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

- soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

- 3x4 sm ölçegdäki alty sany fotosurat;

- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

- pasportyny (eger şahsy pasporty alynmadyk bolsa, onda dogluş hakyndaky şahadatnamasyny); 

-Türkmenistanyň Ýaragly güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň awgust aýynyň  28-i, 29-y we 30-y günlerinde geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, himiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.

      Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

     Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

      Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

       

       Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy) okuwlarda işçi hünärleri we gullukçy wezipeleri boýunça taýýarlamak, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlar hem alnyp barylýar.

1.     Biçimçi-tikinçi - okuwyň möhleti 4 aý.

2.     Basyş astyndaky işleýän gaplaryň operatory - okuwyň möhleti 3 aý.

3.     Boýagçy (dokma önümçiligi) - okuwyň möhleti 3 aý.

4.     Buhgalter hasabynyň esaslary- okuwyň möhleti 3 aý.

5.     Dokmaçy- okuwyň möhleti 3 aý.

6.     Egriji - okuwyň möhleti 3 aý.

7.     Elektromontýor (1000V çenli) - okuwyň möhleti 3 aý.

8.     Frezerçi - okuwyň möhleti 3 aý.

9.     Keşdeçi - okuwyň möhleti 3 aý.

10. Kompressor enjamynyň maşinisti - okuwyň möhleti 3 aý.

11. Kompýuteriň operatory- okuwyň möhleti 3 aý.

12. Polipropilen we polietilen gaplaýjy önümleri öndürmek - okuwyň möhleti 3 aý.

13. Presleýji - okuwyň möhleti 3 aý.

14. Satyjy - okuwyň möhleti 3 aý.

15. Telekeçiligiň esaslary - okuwyň möhleti 3 aý.

16. Transformator ýygnaýjy - okuwyň möhleti 5 aý.

17. Bug gazançy - okuwyň möhleti 2 aý.

18. Çig suw arassalaýjy enjamlaryň operatory - okuwyň möhleti 4 aý.

19. Egirme önümçiliginiň hil gözegçisi - okuwyň möhleti 4 aý.

20. Elektrik togy we gaz bilen kebşirleýji - okuwyň möhleti 4 aý.

21. Himiki  önümçiliginiň hil gözegçisi - okuwyň möhleti 4 aý.

22. Termist  - okuwyň möhleti 5 aý.

23. Himiki derňewiň laboranty  - okuwyň möhleti 5 aý.

24. Tokar   - okuwyň möhleti 5 aý.

25. Barlag-ölçeg abzallary we awtomatika boýunça elektroslesar (KIP we A)  - okuwyň möhleti 6 aý.

26. Buhgalter kassir   - okuwyň möhleti 6 aý.

27. Dokma senagaty enjamlary gurnaýjy slesar - okuwyň möhleti 6 aý.

28. Elektrik enjamlary abatlaýjy we hyzmat ediji  elektroslesar - okuwyň möhleti 6 aý.

29. Tehniki howpsuzlyk we zähmeti goramak boýunça instruktor - okuwyň möhleti 6 aý.

Gysga möhletli okuwlar üçin resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

-         bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza ýa-da edara-kärhananyň hünärmen taýýarlamak baradaky sargyt haty;

-         pasportynyň göçürmesi;

-         bilimi baradaky resminamanyň göçürmesi;

-         3x4 möçberindäki 2 sany fotosurat.

Bellik: 1 ýyl we 1 ýyl 6 aý möhletli okuwlary doly tamamlan uçurymlara döwlet nusgasyndaky başlangyç hünär bilimi hakynda diplom berilýär.

Alty okuw aýyna çenli (hünär taýýarlygy), işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak we olary gaýtadan taýýarlamak maksatnamalary boýunça gysga möhletli okuwlary tamamlan diňleýjilere bellenen tertipde, okandygy barada degişli nusgadaky hünär taýýarlygy hakynda şahadatnama berilýär.   


Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:

Aşgabat şäheri, 2052 (Hydyr Derýaýew) köçesiniň 4-nji jaýy.

Tel.: 993(12)36-49-20,  993(12)36-04-16,  993(12)36-18-74,  993(12)36-21-67.


Doly görnüşinde okamak isleseňiz ýükläp bilersiňiz!