Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň talyplary Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan gezelençde

Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň talyplary Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan gezelençde

от Mtohom Admin -
Количество ответов: 0

          6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň talyplarynyňdyr mugallymlarynyň gatnaşmagynda paýtagtymyzdaky Türkmen halysynyň milli muzeýine guralan gezelenç milli senedimize goýulýan sarpanyň aýdyň nyşany boldy.

            Muzeýiň hünärmeniniň bellemigine görä, Türkmen halysynyň milli muzeýinde gadymy hem häzirki zaman halylarynyň mynasyp orun tutmagy daşary ýurtdan gelýän syýahatçylary, jahankeşdeleri haýran galdyrýar. Bu ýerde taryhy ähmiýetli we häzirki döwrümize degişli ajaýyp haly önümleriniň 8 müňe golaýy bar. Şunda Türkmen milli halyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmeginiň uly ähmiýete eýedigi aýratyn nygtaldy.  

           Gezelenje gatnaşyjylar türkmen halysynyň halkymyzyň agzybirliginiň, bitewüliginiň  we jebisliginiň milli nyşanydygyny buýsançly nygtap, milli ýörelgelerimizi we medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzünde şöhratlandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.




Şanazar Muhyýew.

Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň Okuw bölüm müdiriniň terbiýeçilik işleri boýunça orunbasary.

Dolylygyna okamak isleseňiz faýly ýükläp bilersiňiz!