Milli ýörelge- köpe görelde” diýişleri ýaly, ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan ýaşlarymyz, gelin- gyzlarymyz hem türkmeniň şeýle däp- dessurlaryna eýerip, milliligimizi, ahlaklylygymyzy, edep-ekramlylygy goramakda özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Gyzyň gözelligi haýasynda, edebinde jemlenipdir. Türkmen gyzlary geýinmekde, geplemekde, iýip-içmekde utanç-haýany saklapdyr. Ene-atanyň ilkinji borjy gyzlaryna edep-terbiýe bermek, soňra bolsa hünär öwretmek bolupdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgä görä enesiniň terbiýesini alan gyz asylly we edepli bolup ýetişipdir. Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmatlyklarydyr.Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe “Pähim-paýhas ummany-Magtymguly Pyragy” ýyly mynasybetli okuw mekdebimiziň talyp gyzlarynyň arasynda “El hünäri il gezer” ady bilen ene-mamalarymyzdan miras galan el işi bolan “Köjüme” işi boýunça bäsleşik we aýdym-sazly çäre geçirildi.Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda talyp gyzlar berlen wagtyň dowamynda öz başarnyklaryny we ussatlyklaryny görkezdiler.Bäsleşige okuw mekdebiniň “Dizaýn” we “Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy” hünärlerinden jemi 10 talyp gatnaşdy.Netijede el işi bilen tapawutlanan 3 talyp ýeňiji diýlip yglan edildi we sowgatlar şeýle-de hormat hatlary bilen sylaglanyldy.Bäsleşikde 1-nji oruna “Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Nosyýewa Altyn, 2-nji oruna “Dizaýn” hünäriniň 2-nji ýyl talyby Babaýewa Merjen, 3-nji oruna “Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş” hünäriniň 1-nji ýyl talyby Tirkeşmuhammedowa Nurjahan mynasyp boldular.Bäsleşigiň dowamynda okuw mekdebiniň talyplarynyň taýýarlan döwrümizi wasp edýän aýdym-sazly çykyşlaryna tomaşa edildi.


