Orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary Turkiýe respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşdy.

Orta hünär okuw mekdebimiziň talyplary Turkiýe respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşdy.

от Mtohom Admin -
Количество ответов: 0

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçirilýär. "Watan" habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, bu sergä we işewürler geňeşiniň maslahatyna gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet edaralarynyň wekillerinden ybarat uly topar, Türkmenistan bilen ozaldan hyzmatdaşlyk edip gelýän, şeýle hem täze önümleri we hyzmat ugurlary bilen türkmen bazaryna girmäge gyzyklanma bildirýän türk kompaniýalarynyň, eksportçylar birleşmeleriniň 70-den gowragynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri Aşgabada geldiler. Bellenilişi ýaly, şu gezekki serginiň esasy maksady dostlukly ýurduň kompaniýalaryna türkmen bazarynda öz önümlerini tanyşdyrmak üçin amatly şertleri döretmekden we täze işewürlik mümkinçilikleri açmakdan ybaratdyr.