Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň administrasiýasy, mekdebiň jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýygnagynyň beýany

Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Aşgabat şäherindäki Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebiniň administrasiýasy, mekdebiň jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda geçirilen ýygnagynyň beýany

от Mtohom Admin -
Количество ответов: 0

Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda halkymyzyň gadymdan gelýän maşgala däp-dessurlaryny mynasyp dowam etdirmek, ýaş nesliň ýaramaz endikleri ýazgarýan, ruhy we beden taýdan sagdyn, ýokary ahlakly şahsyýetler bolup ýetişmegini gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini yzygiderli ösdürmek we wagyz etmek ugrunda buýsandyryjy işler alnyp barylýar. Şonuň netijesinde häzirki wagtda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketlerine işjeň gatnaşýan, milli bilim-ylym, medeniýet we sungat ugurlarynda öz mynasyp orunlaryny eýeleýän, sagdyn düşünjeli, beýik maksatly ýaşlar kemala geldi. Türkmen jemgyýeti sagdynlygyň, ruhubelentligiň we ýaramaz endikleriň, temmäki önümleriniň berk ýazgarylýan jemgyýetine öwrüldi. Belläp geçsek, Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan yglan edilen Temmäkä garşy bütindünýä göreş güni her ýylyň 31-nji maýynda giňden bellenip geçilýär. Bu tutuş adamzat durmuşynyň we saglygynyň bähbidine gönükdirilen halkara çäresine ata Watanymyz Türkmenistan hemmetaraplaýyn işjeň gatnaşýar.

Türkmenistanda 2012-nji ýylyň ýanwar aýynda temmäkä garşy göreşmek boýunça pudagara utgaşdyryjy komitet döredildi. Şeýle hem temmäkä garşy göreşmek boýunça «Ynam» merkezleriniň hereket edýändigi aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Bu merkezlerde temmäki önümleriniň zyýany we olardan daşda durmagyň ýollary barada düşündirişlerdir maslahatlar berilýär. Temmäki önümlerinden ýüz öwürmek we olaryň garşysyna göreşmek her bir adamyň durmuşyny özgertmäge, saglygyny dikeltmäge, bagtyýar durmuşda ýaşamagyny gazanmaga atarýan aýdyň ýoldur. Ýurdumyzda temmäki önümlerine garşy göreş çäreleri yzygiderli alnyp barylýar. Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we halkara guramalar bilen bilelikde Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnamasy we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy esasynda alnyp barylýan işler hem guwandyryjy netijelere beslenýär. Türkmenistanyň “Arakhorlukdan, neşekeşlikden ýa-da psihoaktiw maddalara baglylykdan ejir çekýän adamlary bejermek bilen bagly çäreler hakynda“ Kanuny kabul edildi. Kanun döwlet ähmiýetli, halk bähbitli bolup, onda adamlaryň saglygy, ömrüniň howpsuzlygy göz öňünde tutulan. Ýörite kanunlar esasynda çilimkeşlige we beýleki zyýanly endiklere garşy göreş yglan etmek we olary düýbi bilen ýok etmek, neşe serişdelerini aradan aýyrmak maksady bilen ýurdumyzda düýpli işler amala aşyrylyp, ata Watanymyz Ýer ýüzünde olardan arassalan döwlet hökmünde göreldedir. Türkmenistan temmäki tüssesinden azat döwlet hökmünde BSGG-niň ýörite güwänamalaryna hem mynasyp boldy. Çykyş edenler halkyň saglygy hakynda gije-gündiz alada edýän, ýaş nesliň berk bedenli sagdyn bolup ýetişmegi üçin taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimize köp sagbolsun aýtdylar.


Приложение ICM.jpg